Geljek ýylda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary ýokary guramaçylykda geçiriler

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-25

Bu barada 23-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn belläp geçdi. Degişli habar «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde ýetirilýär.



Bellenilişi ýaly, öňümizdäki 2023-nji ýylda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlary, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu saýlawlara şu günki günden taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtap geçdi.



Maksatnamalaýyn çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň wekilleriniň uly ornunyň bardygyna ähmiýet berdi.

Soňky Täzelikler