«Tesla» awtoulag kompaniýasy 1,1 million töweregi elektrik ulagyny yzyna gaýdyp alýar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-26

«Tesla» kompaniýasy dünýäniň awtoulag bazaryndaky satuwynda uly bökdençligiň döremegine sezewar boldy. Has takygy, kompaniýa dünýä bazaryndan 1,1 million töweregi mukdarda elektrik awtoulaglaryny yzyna gaýtarmaly boldy. Bu uly müşgilligi döreden ýalňyşlyk bolsa aýnalaryň ýapylyş ulgamynyň näsaz işlemegi bilen bagly ýüze çykdy.

ABŞ-niň Milli ýol howpsuzlygyny dolandyryş gullugynyň ýetirýän maglumatyna laýyklykda, dünýä bazaryndan kompaniýanyň 2017-nji ýyldan 2022-nji ýyllar aralygynda öndürilen Model 3, Model Y, Model S we Model X kysymly görnüşleri yzyna gaýtaryldy.

Gullugyň maglumatynda bellenilişi ýaly, aýnalaryň ýapylmagy sürüjiniň saglygyna zyýanyny ýetirip biler.


Soňky Täzelikler