Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykýar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-01

Bu babatda 8-nji iýulynda 2022-nji ýylyň birinji alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Döwletiň ýolbaşçylar düzümi bilen birlikde bu döwürde ýurt Baştutany hem zähmet rugsadynda bolar.

29-njy iýulda geçirilen Minstrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, 1-nji awgustdan başlap ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, muňa garamazdan, degişli döwürde birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi barada aýtdy.

Belläp geçsek, ýurduň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsady döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Arçmanda» we «Ýylysuwda» ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.

Soňky Täzelikler