Hazar deňziniň töwereginden «Hazar — dostlugyň deňzi» atly motosikl ýörişi geçiriler

hope-Blog
Täzelikler - 2022-07-31

Golaýda geçirilen metbugat maslahatynda Astrahanyň häkimi Igor Babuşkin Russiýanyň Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Hazar deňziniň töwereginde motosikl ýaryşyny geçirmek baradaky başlangyjyny tassyklandygy barada habar berdi. 5 — 15-nji oktýabr aralygynda guraljak bu taslama «Hazar — dostlugyň deňzi» diýlip atlandyrylar. 

Motosikl sürüjiler topary Astrahan — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Azerbaýjan — Dagystan — Astrahan halkasy boýunça syýahat ederler.

Bu taslamanyň geçen ýyldan bäri işlenip düzülýändigini bellemek gerek. Dekabr aýynda Azerbaýjana amala aşyran saparynyň dowamynda häkim bu pikiri Prezident Ilham Aliýew bilen maslahatlaşypdy we döwlet Baştutanyna motosikl ýörişine gatnaşmagy teklip edipdi. Soň bolsa degişli taslamany 2022-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ýola goýmak meýilleşdirildi. Bu babatda halkara derejesinde ýüze çykan ýagdaýlar motosikl ýörişini yza süýşürmäge mejbur etdi.

Bellesek, Astrahan welaýatynyň häkimi Igor Babuşkin ýörişiň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirer. Motosikl ýörişiniň guralmagy Russiýanyň başlangyjy esasynda halklaryň dostlugyny pugtalandyrmakda nobatdaky ädim bolar.

Soňky Täzelikler