Türkmenistanyň demir ýol ulaglarynyň kanunçylyk-hukuk binýady özgerdildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-07-30

Türkmenistanda hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň işiniň giňeldilmegi, şeýle hem halkara demir ýol gatnawy pudagynyň ösmegi we daşary ýurt demir ýol kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň artmagynyň netijesinde «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi. Şunuň bilen birlikde, degişli Kanuna «demir ýol ulagynda daşaýjy» diýen täze düşünje girizildi.

«Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň «Demir ýol ulagynda nyrhlar, ýygymlar we tölegler» diýlip atlandyrylýan 12-nji maddasy düýpli üýtgedildi we onuň üsti ýetirildi. Bu madda girizilen goşmaçalardan we üýtgetmelerden şulary mysal getirmek bolar:

1. Demir ýol ulagynda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary, ýük goşlaryny we poçtany hemde ýüksüz ýük wagonyny içerki gatnawlar boýunça daşamak üçin nyrhlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär we olar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylar tarapyndan ulanylmaga degişlidir.

 Býujetden sarp edijiler üçin demir ýol ulaglary bilen ýükleri daşamak hyzmatlarynyň nyrhlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.

2. Demir ýol ulagynda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary, ýük goşlaryny we poçtany hemde ýüksüz ýük wagonyny içerki gatnawlar boýunça daşamaga degişli hyzmatlar üçin ýygymlar (býujetden sarp edijileriň ýüklerini daşamak muňa degişli däldir) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan daşaýjylar tarapyndan bellenilýär.

3. Demir ýol ulagynda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary, ýük goşlaryny we poçtany hem-de ýüksüz ýük wagonyny halkara gatnawlar boýunça daşamak üçin nyrhlar we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlar halkara şertnamalara laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan daşaýjylar tarapyndan bellenilýär.

4. Demir ýol beketleriniň, şol sanda kiçi beketleriniň (razýezdleriniň), ozuş nokatlarynyň ulanylmagy üçin nyrhlar, ýygymlar we tölegler ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda demir ýol ulagyndaky nyrhlar we tölegler boýunça ýeňillikler bellenilip bilner. 

Görkezilen ýeňillikleriň bellenilmeginden gelip çykýan ýitgileriň öweziniň dolunmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

6. Daşamagyň şertnamasyndan gelip çykýan borçnamany bozandygy üçin daşamalara gatnaşyjynyň beýleki gatnaşyja tölemäge borçly bolan, borçnamanyň jemi bahasynyň göteriminden hasaplanylan kesgitli pul möçberinde puşmana

tölegi taraplaryň ylalaşygy esasynda kesgitlenilýär.

Taraplaryň ylalaşygynda puşmana töleginiň pul möçberi bellenilmedik bolsa, onda ol ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan nyrhnama laýyklykda bellenilýär.»;

Belläp geçsek, bu Kanuna girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler bilen «Türkmenistan» gazetiniň 2022-nji ýylyň 29-njy iýulynda neşir edilen sanyndan has giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Soňky Täzelikler