Russiýada Telegram arkaly jemgyýetçilik ulaglarynyň QR petekleriniň satuwy ýola goýuldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-07-28

Russiýada Telegram sosial media ulgamyndaky çat-botlar arkaly jemgyýetçilik ulaglarynyň petekleri QR kod görnüşinde satylyp başlandy. Häzirki wagtda bu petekler Sankt-Peterburg şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin elýeterlidir.

Petekleriň täze usuldaky satuwy barada Sankt-Peterburgyň ulag boýunça şäher komitetiniň metbugat gullugy habar berýär. «Telegram-бот QR-билеты | Санкт-Петербург» (@spb_qr_ticket_bot) çat-boty «СберТройка» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi.

Metbugat gullugynyň ýetirýän habarynda QR petegi ulanmak barada şu hili gözükdirme berilýär:

Bu görnüşde QR petegini satyn almakda ýolagçylar köp wagtyny tygşytlaýarlar. Indi muny messenjerden çykmazdan islendik smartfon arkaly birki düwmäni basmak bilen amala aşyryp bilersiňiz. Tölegini geçireniňizden soň, elektron petek şolbada söhbetdeşlik sahypaňyza geler. Ondan peýdalanmak üçin bolsa ekrany jemgyýetçilik ulaglarynda ýerleşdirilen tassyklaýja ýakynlaşdyrmaly.

Soňky Täzelikler