«Toyota» alyjylar bilen şertnamalaryny bes edip, awtoulaglaryň pullaryny gaýtaryp berýär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-07-27

«Toyota Motor» kompaniýasy taryhynda ilkinji gezek awtoulaglary satmak babatda alyjylary bilen baglaşan şertnamalaryny ýatyrýar. Has takygy, news.drom.ru saýtynda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň beýle netijä gelmegi öndürýän Toyota Harrier kysymly ulaglary üçin alyjylaryň geçiren pullaryny yzyna gaýtaryp berip, olara 2022-nji ýylyň sentýabrynda gaýtadan söwda dolanmagy teklip etmegi bilen bagly ýüze çykdy.

Bu çözgüdiň esasy sebäbi bolsa elektron düzüm bölekleriniň ýetmezçilik edýändigi bilen bagly. Ýagny, munuň düýp mazmuny koronawirus pandemiýasynyň içerki şertleri zerarly hytaýly kontragentleriniň Ýaponiýada ýerleşýän «Toyota» awtoulag kärhanalaryna düzüm bölekleriň iberilmegini kesmegi dowam etdirýändiginden gelip çykýar diýlip bellenilýär.

Aslynda, COVID-19 pandemiýasynyň ýüze çykan mahallaryndan bäri hem kompaniýa tölegi geçirilen awtoulaglaryň eltilmegini togtadypdy, emma alyjylar bilen baglaşylan şertnamalary welin bes etmändi.

Soňky Täzelikler