Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana eksporty 3 aýda 38 % ýokary netijä ýetdi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-07-26

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana eden eksportunyň möçberi eýran senenamasy boýunça ýylyň birinji çärýeginde (21-nji mart — 21-nji iýun) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 38% ýokarlandy. Bu barada EYR-yň Gümrük gullugynyň (IRICA) hünärmeni habar berýär. 

Ruholla Latifi 3 aýyň dowamyndaky netijeleri dogrusynda bellemek bilen,  Eýranyň Türkmenistana 95 million dollarlyk möçberdäki harytlary eksport edendigini aýdýar.

Bu ugurdaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde iýun aýynyň ortalaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Atdaýew Batyr Taganowiçiň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti EYR-yň Senagat, magdan we söwda ministri Reza Fatemi-Amin bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda iki tarapyň wekilleri hem Tähran-Aşgabat söwda merkezini döretmegiň zerurdygyny nygtadylar. Oňa gatnaşanlar söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmek we tizleşdirmek üçin iki ýurduň telekeçilerine goldaw bermegiň möhümdigini bellediler we geljekde hem hyzmatdaşlyk etmek üçin her ýyl Ýol kartasyny düzmek üçin iş toparyny döretmek babatda karara geldiler.

Şeýle hem, Fatemi-Amin türkmen tarapynyň bilelikdäki işewürlik merkezini döretmek baradaky teklibini goldamak bilen, iki ýurduň söwda pudagynda import we eksport üçin önümleri hem-de harytlary kesgitlemekde hereket meýilnamasyny düzmegiň zerurdygyny aýtdy.

B.Atdaýew hem öz nobatynda Eýranyň wekillerini türkmen kärhanalary bilen bilelikdäki sergileri geçirmäge çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda resmi wekil iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak baradaky şertnama gol çekmegi teklip edip, serhet bazarlaryny ösdürmegiň zerurdygy dogrusynda durup geçdi.

Geçirilýän duşuşyklaryň çäklerinde EYR-yň Ulag we şäher ösüşi boýunça ministri Rostam Kasemi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň direktory Mämmethan Berdymyradowiç Çakyýew bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasynda ulag ulgamy, şeýle-de ulag geçelgeleri hem-de olaryň baglanyşyklaryny ösdürmek barada gepleşikleri geçirdiler.

Kasemi iki ýurduň arasynda baglaşylan ozalky şertnamalardan soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag ýük gatnawyň 50 göterim ýokarlanandygyny aýtdy. M.Çakyýew hem öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky ulag gatnawlaryny giňeltmekde hiç hili bökdençligiň ýokdugyny beýan etdi.

Soňky Täzelikler