«IAPEX-2022» 17-nji halkara awtoulag sergisinde sebitiň awtoulag täzelikleri tanyşdyrylar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-28
Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagt şäheri Tähranda 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriljek «IAPEX-2022» 17-nji halkara derejeli nobatdaky sergide awtoulagyň ätiýaçlyk şaýlary hem-de awtoulag hyzmatlarynyň döwrebap görnüşleri, şeýle-de bu ugurdaky bejeriş işleri tanyş ediler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Belläp geçsek, bu halkara sergä Türkmenistandan hem degişli pudagyň hünärmenleri çagyrylyp, olaryň durmuşa geçirýän işlerindäki täzeçillikleri we özgertmeleri bilen gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu halkara sergi 2005-nji ýyldan bäri her ýylda yzygiderli geçirilýär. Onuň mazmunynda sergi zalynda awtoulag önümçiligine hem-de şonuň bilen bagly beýleki pudaklara degişli ähli zatlar sergä gelenleriň dykgatyna ýetiriler. 

  • Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgisi: +99312349361. 
  • Elektron poçta salgysy: info@idro-fairs.com. 

Soňky Täzelikler