Diýarymyzyň iki welaýatynda «KAMAZ» hyzmat ediş merkezleri açyldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-27

2022-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin niýetlenen bejeriş we hyzmat ediş merkezleri açylyp ulanmaga berildi. Bu barada TDH sahypalarynda beýan edýär.

Bu merkezleriň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak babatda beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle-hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 10-njy iýunyndaky PB-1249 belgili buýrugy esasynda uzak möhletleýin kärende berlen ýerde ýerine ýetirildi.

Okuw we tehniki hyzmat merkezlerinde esasy iki gatdan ybarat bolan dolandyryş binasy, awtoulag serişdeler üçin abatlaýyş işleri geçirmek üçin bölümi, şeýle-de ammar ýerleşýär. Toplumlarda bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanylýan uly göwrümli howuzlar hem ýerleşdirildi. Mundan başga-da, bu ýerlerde täze awtoulag serişdelerini görkezmek üçin ýörite meýdança bardyr.

«KAMAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy esasynda Mary welaýatyndaky merkeziň taslama işleri «Hezret» hususy kärhanasy, gurluşyk işleri hem «Askan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. 

Lebapdaky täze merkeziň taslama işleri hem «Hezret» hususy kärhanasy tarapyndan düzülip, onuň gurluşygyny «Awtotrans» hususy kärhanasy alyp bardy.

Bu merkezler bir günüň dowamynda 10 sany awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat etmäge ukyplydyr.

Soňky Täzelikler