Lebap welaýatynyň merkezinde açylan täze ýolagçy awtomenzili işini ýola goýdy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-29

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 24-nji sentýabrda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen täze ýolagçy awtoulag menzili ýolagçylara hyzmat edip başlady. Bu barada ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bellenilýär.

Şu günki günlerde Türkmenabadyň ýolagçy awtoulag menzilinden «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşigi şäheriçi awtobus gatnawyny ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda şäherara hem-de welaýat boýunça awtobus gatnawlary täze awtoulag menzili arkaly amala aşyrylýar. Bu babatda täze desganyň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup, ol birbada 700 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.

Mälim bolşy ýaly, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Diýarymyzyň Balkan, Daşoguz, Mary hem-de Lebap welaýatlarynda täze ýolagçy awtoulag menzilleriniň açylyş dabarasy bolupdy.


Soňky Täzelikler