Ýurdumyzyň demir ýol düzümini özgertmegiň möhümdigi bellenildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-01

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň demir ýol ulag düzümini ösdürmek we onuň işini has işjeňleşdirmek barada aýratyn durlup geçildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň beren hasabatynda ýurduň demir ýol ulaglary ulgamynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada bellenilip, «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, halkara şertnamalara hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde hem agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny hasabatynda beýan etdi.

Agentligiň ýolbaşçysy M.Çakyýewiň hasabatyny diňlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmekde demir ýol düzümine degişli häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmalydygyny hem-de demir ýol boýunça ýük daşalyşynyň möçberiniň has-da artdyrylmagyny gazanmalydygyny öňde durýan wezipe hökmünde kesgitledi. 

Hususan-da, Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna pudagyň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy. 


Soňky Täzelikler