Türkmenistanda ýol yşyklandyryjylarynyň we LED ýol belgileriniň önümçiligi ýola goýlar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-03

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny nygtady. Bu barada TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär.


Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň beren hasabatynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigini hem-de innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman senagat kärhanalarynyň gurulýandygyny, hereket edýänleriniň bolsa durkunyň täzelenýändigini bellenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dürli maksatly plastik kartlaryň, ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz bu hödürlenen teklibi makullady hem-de ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi.


Soňky Täzelikler