Türkmenistanly wekiliýet II Hazar ykdysady forumyna agzalyk edýär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-06

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki «Skolkowo» tehnoparkynda II Hazar ykdysady forumynyň işine  badalga berildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. 

Hazar ykdysady forumy kenarýaka döwletleriň we olaryň serhetdeşleriniň hyzmatdaşlygynyň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri meýdança bolup hyzmat edýär. 

Moscow-baku.ru tarapyndan habar berilmegine görä, foruma Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň resmi wekiliýeti, rus hökümetiniň federal we sebit edaralarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşýar. 

HYF-nyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, ekologiýa, energetika,  ulag we logistika, energetika, we syýahatçylyk, şäher infrastrukturasy we durmuş-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň ösüşi bilen bagly meseleleriň çözgüdine garalar. 

Forum bilen ugurdaş  Hazarýaka döwletleriniň söwda senagat edaralarynyň işewürlik hyzmatdaşlygynyň Halkara geňeşiniň mejlisi, «Işewür Hazar» atly Hazarýaka ýurtlarynyň şäher häkimlikleriniň we häkimleriniň maslahaty guralar.

Forumyň dowamynda «Hazar sebiti uly Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň bölegi hökmünde: ösüşiň täze çagyryşlary we mümkinçilikleri», «hazar bäşliginiň» energetika taslamalary», «Hazar: Ýewraziýa ulag-logistika merkezi», «Hazar sebitiniň ýurtlarynyň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy», «Hazar sebiti bütindünýä klimat gün tertibinde: çagyryşlar, mümkinçilikler, çemeleşmeler» ýaly ugurlar boýunça özara pikir alşymalar bolar. 

2019-njy ýylda ýurdumyzda Hazar ykdysady forumy    geçirildi.  2018-nji ýylda    Hazarýaka  döwletleriň Baştutanlary tarapyndan Hazar deňziniň derejesi hakynda Konwensiýa we Hazar ykdysady forumynyň hemişelik meýdançasyny döretmek barada çözgüde gol çekildi. 

2022-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanda  VI Hazar sammiti geçirildi. Oňa Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary hem gatnaşdy. 


Soňky Täzelikler