Türkmenistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-08

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow II Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda Hazarýaka döwletleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamynda päsgelçilikleri ýüze çykarmak işlerini işjeňleşdirmek we olary aradan aýyrmak, täze ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek barada teklibi beýan etdi. 

Onuň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag ulgamyna milli ykdysadyýetiň işjeň ösýän we geljegi uly bolan ugry hökmünde garaýar.

Wise-premýer: «Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlary boýunça ulag-tranzit geçelgelerinini durmuşa geçirýär.  Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe,  Özbegistan – Türkmenistan – Oman – Katar we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar. Mundan başga-da Amyderýanyň üstünden awtomobil we demir ýol köprüsiniň, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda we Kerkide halkara aeroportlaryň, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygynyň taslamalary durmuşa geçirildi», - diýip belledi. 

Aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny, şeýle hem täze ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek teklibi öňe sürüldi.

Soňky Täzelikler