Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň işleriniň jemlerine garaldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-11

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri barada habar berdi.

Bu döwürde toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy. Şol sanda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,1 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. 

Dokuz aýyň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 106,7 göterim, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 131,1 göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 147,5 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,2 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterim boldy. 

Çakyýewiň hasabatynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti  ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragynyň ýerleşdirilendigi, «Bir penjire» ulgamynda 14 müňden gowrak şahsy otaglaryň döredilendigi bellenildi. 

Ulag infrastrukturasyny ösdürmek maksady bilen welaýat merkezlerinde döwrebap awtomenziller açylyp ulanylmaga berildi. Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň täze edarasynyň, Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam etdirilýär. 

Şeýle hem döwletara ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meselelerini üstünlikli çözmek maksady bilen türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilkinji emeli hemramyz bolan «TürkmenÄlem520E»-niň doly güýjünde peýdalanylmagyna, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we «Balkan» gämi gurluşyk-abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi, bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmagy, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

Soňky Täzelikler