Türkmenistan Russiýa — Hindistan ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýelär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-15

14-nji oktýabrda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindistanyň deňiz portlaryna çenli aralygy özünde jemleýän giň gerimli halkara ulag geçelgesiniň işjeň häsiýete eýe bolmagynda tagallalary birikdirmäge taýýardygyny we bu işleriň möhümdigini belledi.

«Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr» – diýip, hormatly Prezidentimiz sammitiň dowamynda eden taryhy çykyşynda aýdyp geçdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden bolsa Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady.

Sammitiň dowamynda şunuň bilen özara baglanyşygy bolan dürli ugurlaryň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň, energetikada, senagatda, ulag-logistika ulgamynda, obasenagat toplumynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Soňky Täzelikler