Eýran sebitiň çäginde 50 million tonna tranzit ýük gatnawlaryny kabul eder

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-13

Eýran Yslam Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary Şahriýar Afandizadeniň belleýşi ýaly, Russiýa häzirki wagtda dürli ugurlara 200 million tonna ýük eksport edýär we Eýran hem ýük tranzitinde onuň ep-eslisini (2023-nji ýyl üçin kesgitlemek bilen 10 million tonna) öz paýyna alyp biler.

Üstümizdäki ýylyň geçen 6 aýynda Russiýanyň demirgazyk-gündogaryndan ugrap, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň çäginden geçen bäş sany tranzit ýük otlulary 4000 kilometr ýol geçmek bilen Sarahs serhet geçelgesi arkaly Eýranyň çägine girdi. Bu ugurda üstaşyr geçýän ýük otlulary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edýärler we Eýranyň çäginde 1600 km ýol geçýärler. Tranzit ýük gatnawy Bender Abbasyň Şahid Rajaýi portuna tarap ugur alýar.

8-9-njy oktýabr aralygynda Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan hem-de EYR ýaly sekiz döwletiň gatnaşmagynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça birinji ministrler sammiti geçirildi. Bu köptaraplaýyn sammitiň netijesinde bolsa EYR, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletleriň arasynda ulag-üstaşyr ýük gatnawynyň netijeliligini artdyrmak barada bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Häzirki wagtda sebit derejesinde 2023-nji ýylda bu ýurtlaryň arasynda 20 million tonna üstaşyr ýük daşamalaryny üpjün etjek sebitleýin konwergensiýa we ulag synergiýasy ýaly tendensiýalar bolup, bu maksadyň ýakyn geljekde 50 million tonna derejä ýetmegi mümkindir.

Üstaşyr ýük gatnawlary Eýran Yslam Respublikasy üçin ägirt uly peýda getirip, ýokary syýasy durnuklylygy we howpsuzlygynyň ýokary derejededigi sebäpli möhüm meseledir. Munuň şeýledigine awtoulaglar arkaly üstaşyr gatnawlarynyň 180% ýokarlanmagy we soňky alty aýda demir ýol üstaşyr ýük gatnawynyň 300% artmagy hem aýdyň görkezýär. 

Halkara ýük daşamalary babatda demir ýol tory 12 000 kilometrlik hem-de awtomobil ýollary 50 000 kilometrden gowrak bolan Eýran sebitde ýokary tranzit ýük gatnaw mümkinçiligine we bu ugurdaky ýeterlik infrastruktura şertlerine eýedir.

Soňky Täzelikler