20-21-nji oktýabrda Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-18

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolar.

Bu barada 16-njy oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada beren hasabatynda habar berdi. Bu babatda özbek tarapy bilen bilelikde saparyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Onda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrmak bilen, şeýle-de ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini nygtady.

Ýatlatsak, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana boljak resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda gurluşygy tamamlanan «Daşkent» seýilgähiniň açylyşy nazarda tutulýar.


Soňky Täzelikler