Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropany birleşdirjek taslama gatnaşar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-20

Ulag-üstaşyr geçelgeleri barada ýakynda Astana duşuşygynda orta atylan teklipler durmuşa geçirilip başlandy. Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýdan Türkiýä çenli uzajak täze ulag geçelgesi yklymlary birleşdirjek möhüm taslama öwrüler.

«MIR24» logistika ulgamyna bagyşlanyp geçirilen iri maslahatda Hytaýdan başlap, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Türkiýä barjak täze ulag geçelgesi barada başlangyjyň orta atylandygyny ýazdy.

Çeşme biri-birine goňşy döwletleriň bu täze taslama arkaly has uzak döwletlere çykmak mümkinçiligini artdyrjakdygyny ýazýar. Ýazylyşy ýaly, täze taslama Beýik Ýüpek ýoluny yzarlaýar.

Maslahata gatnaşyjylar global logistika kompaniýalarynyň tejribesi we infrastrukturany sanlaşdyrmak meýilnamasy barada-da pikir alyşdylar. Bu ulag aragatnaşygyny çaltlaşdyrar.

Bu ugur multimodal geçelgäni ýadyňa salýar. Ýük daşamak üçin otlulardan başlap, ulaglara, gämilere çenli peýdalanylar. Harytlaryň sazlaşykly akymyny üpjün etmek üçin eýýäm täze infrastruktura gurulýar. Täjik çeşmeleri bu ugur üçin ýurduň günortasynda ýörite demir ýol menziliniň açylandygyny habar berdi.


Soňky Täzelikler