Türkmenistan ýene bir halkara söwda ýolunyň merkezinde

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-21

Şu hepdäniň ilkinji gününde Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde halkara ýük otlusy ýola düşdi. Ol Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen türkiýä barar. Bu barada Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň resmi saýty habar berdi.

Şol gün daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde ulag-logistika boýunça maslahaty hem geçirildi. Çeşme bu dabaralara ýokarda agzalan ýurtlaryň wekiliýetleriniň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň we işewürleriniň gatnaşandygyny ýazdy.

Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary 8-9-njy oktýabrda Tähran şäherinde geçirilen üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça ilkinji ministrler derejesindäki maslahatda üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňky Täzelikler