Russiýa Türkmenistanyň demirýollary arkaly halkara söwdany güýçlendirmekçi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-22
Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktory Oleg Belozerowyň Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ulag ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Russiýaly myhman gepleşikleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus toparynyň başlygy Raşid Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow bilen geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryndan, soňra bolsa deňziň ugry boýunça Pars aýlagynyň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryna uzap gidýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ulag ulgamyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, Türkmenistan bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Eýranyň üsti bilen Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä we käbir beýleki ýurtlara daşalýan harytlaryň möhüm çatrygyna öwrüler.

Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran halkara demir ýolunyň ähmiýeti, ondan netijeli peýdalanmak barada Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriň Baştutanlarynyň ýakynda Astana şäherinde geçirilen sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem nygtapdy. Türkmen we rus taraplarynyň geçiren gepleşiklerinden hem görnüşi ýaly, ýakyn geljekde Türkmenistanda demir ýol hyzmatlarynyň sanly mümkinçiliklerini giňeltmek, adam resurslaryny ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak üçin bilelikdäki işiň alnyp barylmagyna hem garaşylýar.

Soňky Täzelikler