Türkmenistanda «TIR-EPD» ulgamy kämilleşdirilýär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-24

Dünýäniň 32 döwletinde işleýän, gümrük maglumatlaryny sanlylaşdyrmaga ýöriteleşdirilen «TIR-EPD» ulgamy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem barha kämilleşdiirlýär.

Gullugyň resmi saýty bu ulgamyň ýakynda «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumatlary ulgamy bilen birleşdirilendigini habar berdi.

«TIR-EPD» tehnologiýasy ýük daşaýja öz ýüki barada baryljak ähli ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň elektron maglumat ulgamyna awtomatiki usulda girýän doly maglumatlary öňünden girizmäge mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa IRU bilen gümrük edarasynyň arasyndaky proseduralar barada elektron maglumatlary awtomatik alyş-çalyş etmek üçin uly bolmadyk programma modulynyň «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna ygtybarly integrasiýasydyr.

Türkmenistanda IRU bilen IT gurallaryny ornaşdyrmak boýunça işlere 2020-nji ýylyň iýul aýynda badalga berlendigini aýtmak gerek. «TIR-EPD» — halkara ýol ulaglary proseduralaryny kompýuterleşdirmekde möhüm ädimdir.

Ýeri gelende aýtsak, Carnet TIR (MDP depderçesi) astynda daşalýan harytlaryň deslapky elektron deklarasiýasynyň TIR-Electronic-Pre-Declaration ulgamy Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň teklibi bilen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) tarapyndan işlenip düzüldi.

«TIR-EPD» Awstriýa, Azerbaýjan, Owganystan, Belarus, Belgiýa, Bolgariýa, Bosniýa we Gersegowina, Wengriýa, Germaniýa, Gresiýa, Gruziýa, Ysraýyl, Hindistan, Eýran, Italiýa, Gazagystan, Katar, Gyrgyzystan, Hytaý, Latwiýa, Litwa, Moldowa, Mongoliýa, BAE, Oman, Pakistan, Polşa, Russiýa, Rumyniýa, Saud Arabystany, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Ukraina, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Çehiýa we Estoniýa ýaly döwletlerde işjeň ulanylýar. 2022-nji ýylda bu elektron ulgamy ulanyjylaryň hataryna Türkmenistan hem goşuldy.

Soňky Täzelikler