Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-27

Türkmenistanyň şäherleri bilen göni howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýän daşary ýurt şäherleriniň hataryna Russiýanyň Astrahan şäheri hem girdi. Bu barada Türkmenistanyň bu sebitde täze bellenen konsuly Nury Gollyýewiň sebitiň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen geçiren duşuşygynda aýdyldy.

Duşuşykda taraplar sebitde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek, Türkmenbaşy we Olýa portlarynyň arasynda gämi gatnaw ugurlaryny açmak, söwdanyň mukdaryny ýokarlandyrmak, gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ýaly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek başlangyjy sebitiň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk barada 2008-nji ýylda baglaşylan Ylalaşyga esaslanýar. Wladimir Golowkow Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýene-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Taraplar taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler barada jikme-jik pikir alyşdylar.

Ministriň sözlerine görä, Astrahan portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň açylmagy özara söwdanyň ösmegine goşant goşar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa eden ilkinji resmi saparynyň çäginde Astrahan sebitiniň hökümeti bilen Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan Astrahan we Türkmenbaşy şäheriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky şertnama gol çekildi.

Duşuşykda Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli ýük daşamak ugurlaryny guramak, gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda Türkmenistanyň gämi gurluşyk kärhanalary üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, söhbetdeşlikde Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda howa aragatnaşygynyň açylmagy, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi barada durlup geçdi.

Soňky Täzelikler