Özbegistanda ulag we aragatnaşyk boýunça sebitleýin merkez dörediler

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-28

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde sebitleýin ulag we aragatnaşyk ösüş merkezi dörediler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Iş toparynyň (SPEKA) Merkezi Aziýa sebitinde ulag we logistika aragatnaşygyny ösdürmek boýunça 27-nji mejlisinde ylalaşyga gelindi. Mejlis 26-njy we 27-nji oktýabr günlerinde Daşkent şäherinde geçirildi. 

Bu möhüm ýygnanyşyga Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň söwda, ulag, gümrük hyzmatlary we demir ýol kompaniýalarynyň, ministrlikleriniň wekilleri COVID-19 pandemiýasynyň SPEKA sebitine ýetiren täsiri we geljekde bu kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Ulag düzümi boýunça milli we halkara taslamalar we başlangyçlar göz öňünde tutulyp, Ýewropa Bileleşiginiň wekillerinden Nenad Nikoliç we ESKATO-dan Behzod Rahmatowyň hasabatlary diňlenildi.

Duşuşyklaryň netijesinde Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitinde bar bolan we täze ulag geçelgelerini gowulandyrmak, şeýle hem Daşkentde ulag we aragatnaşyk ösüş sebitleýin merkezini döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Mejlisiň dowamynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi, halkara ýük daşamak üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, ulag düzümini ösdürmek taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, halkara ýük we ýolagçy gatnatmalarynyň amala aşyrylmagynda howpsuzlygy üpjün etmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň jemleýji güni BMG-nyň ulag, logistika, ulag we söwda ülňüleri boýunça kadalaşdyryjy resminamalary, pudagy sanlylaşdyrmagyň geljegi we ýakyn wagtda geçiriljek okuw seminary baradaky meselelere garaldy.

Duşuşyga Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Yslam ösüş bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň we Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Soňky Täzelikler