«Demirgazyk ― Günorta» gury ýer geçelgesi boýunça ilkinji ýükler daşalyp başlandy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-10-29

«RŽD Logistika» kompaniýasy «Demirgazyk — Günorta» gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça aýda bir gezek meýilleşdirýän ýük gatnawynyň ilkinji konteýnerlerini daşap başlady. Bu doly düzümli konteýner Türkmenistanyň üsti bilen Russiýadan Eýrana aşyrylar.

Ýük otlusy Russiýa ― Gazagystan ― Türkmenistan ugry boýunça Ahal welaýatyndaky Sarahs stansiýasyna gelip ýeter. Kompaniýanyň «Telegramdaky» resmi kanaly bu ýerde konteýnerleriň 1520 millimetr rels ölçeginden 1435 millimetrlik ölçege ýüklenjekdigini habar berdi. Soňra ýük Eýranyň çäginden Bandar-Abbas portuna, soňra bolsa deňiz arkaly barmaly ýerlerine iberiler.

Otly yzyna gaýdanda Russiýa haryt getirer. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin esasy hereketlendiriji, ähli marşrut gatnaşyjylary üçin deňagramly nyrh syýasaty bolar.


Soňky Täzelikler