Türkmenistanda milli manadyň döredilen güni bellenildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-11-01

1-nji noýabrda Türkmenistanda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygyny bellenildi. 31-nji oktýabr güni «Watan» habarlar gepleşiginde Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly sene mynasybetli ýurduň bank we maliýe ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda döwlet Baştutany pudagyň işgärlerini şanly sene mynasybetli gutlap, olara saglyk, maşgala abadançylygy, asuda we bagtly durmuş, mundan beýläkki işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bank işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň, işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, banklaryň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmak esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir».

Häzirki wagtda Türkmenistanda banknotlaryň 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manatda we teňňelerde 1, 2, 5, 10, 20, 50 teňňe we 1 we 2 manatda berilýändigini bellemelidiris. 2009-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda denominasiýa geçirildi, netijede täze nusganyň 1 manady köne 5000 manada deň boldy.

Bank ulgamyny we pul dolanyşygyny kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurtda nagt däl hasaplaşyk ulgamy barha kämilleşýär. 

Soňky Täzelikler