Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-11-07

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji agaç nahalyny oturtmagy bilen Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy. Ekologik çäre paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda geçirildi.

Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylarynyň hem goşuldylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy bolsa şol möhüm Kararyň ýylyň dowamynda üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň anyk beýanyna öwrüldi.

Şeýle-de köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda hem ýaýbaňlandyryldy.




Soňky Täzelikler