Biziň
hyzmatlarymyz

«Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlar:

1. Daşary ýurt awtoulag serişdeleri Türkmenistana gelende we üstaşyr geçende Rugsatnamany resmileşdirmek.

2. Türkmenistanda resmileşdirilmedik kärhanalar we daşary ýurtly gatnadyjylar üçin Türkmenistanyň çäginde «Daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdelerine Türkmenistanda ýük ýüklemek we Türkmenistana üçünji döwletden ýük getirmeklige» rugsatnama resmileşdirmek boýunça ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlary.

3. Türkmen we daşary ýurt awtoulaglarynyň tehniki ýagdaýyny gözden geçirmek hyzmaty.

4. Türkmenistanyň döwlet serhediniň üstünden geçilýän awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden Türkmenistanyň çägine girýän we onuň çäginden çykýan Türkmenistanda hasaba alnan ýük awtoulag serişdelerini bellige almak.

5. Türkmenistanyň çägine girýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt tirkegleri we ýarym tirkegleri gümrük gözegçilik-geçiriş ýerlerinden ýerli eýerli çekijide Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn goýbermek üçin Rugsatnamanyň berilmegi üçin hyzmat.

6. Ulag-ekspeditorçylyk hyzmaty, halkara daşalýan ýüküň ýanhatyny goýbermek.

7. Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag serişdeleriniň Türkmenistana gelmegi we onuň çäginden üstaşyr geçmegi üçin berilýän we daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly guramalary bilen özara alşylýan Rugsatnamalary resmileşdirmek hyzmaty.

8. Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn giren daşary ýurt awtoulag serişdelerini gaýtadan hasaba almak we gözegçilikde saklamak üçin ýerine ýetirilýän hyzmat.

9. Awtoulaglary tehniki gözegçilikden geçirmek hyzmaty (10 ýyl bolan awtobuslar).

10. Türkmenistanyň «Administratiw hukuk bozulmalary hakynda» Kodeksine laýyklykda, ýolagçylary, goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünleri, ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünleriniň bozulmalaryny ýüze çykarmak, temmi çärelerini ulanmak we jerimeleri döwlet býujetine yzygiderli ugratmak amallary.

Hyzmatlarymyzdan peýdalanmaga isleg bildirýänler, biziň elektron salgymyza hat ýollamak ýa-da telefon belgimize jaň etmek arkaly habarlaşyp bilerler.