Biz barada

About About About

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy ilkinji gezek 1994-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Awtomobil transporty ministrliginiň «Türkmentransinspeksiýa» döwlet kärhanasy hökmünde döredildi. 

Kärhana Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda, üstaşyr we eksport-import ýüklerini ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe ulag görnüşleri arkaly ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzýär we bu işleriň amala aşyrylmagyna gözegçilik edýär.  

«Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň ilatyny we ykdysadyýetiniň pudaklaryny awtoulagda daşamak bilen bagly hyzmatlar bazarynyň kanagatlanarly, durnukly hem-de howpsuz işlemegine gözegçilik etmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan kärhanalaryň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, üstaşyr ýükleriň möçberiniň artdyrylmagyna ýardam berýär. 

“Türkmenulaggözegçilk” döwlet kärhanasy Türkmenistanyň ulag ulgamynda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ulaglar arkaly ýük gatnawlaryny kadaly guramak hem-de bu işleriň guramaçylykly amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly şu işleri ýerine ýetirýär:

•    Awtoulaglarda ýük daşamagyň howpsuzlygyna gözegçilik etmek;

•    Awtoulaglarda ýolagçylaryň howpsuz gatnadylmagyna we olara hyzmat etmegiň ýokary medeniýetiniň üpjün edilmegine gözegçilik etmek;

•    Isleg bildiren taraplara, daşaýjylara duralga hyzmatlaryny hödürlemek we tehniki hyzmatlary amala aşyrmak; 

•    Awtoulagda ýük daşamak we ulag-ekspedisiýa işiniň ygtyýarlandyrylmagy babatdaky kanunçylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

•    Awtoulag serişdelerini tehniki taýdan gözden geçiriş hyzmatlaryny etmek;

•    Esaslandyryjynyň görkezmesi esasynda awtoulag kärhanalarynda gözegçilik tertibinde barlaglary geçirmek, tejribe we usuly kömegi bermek; 

•    Ulag gözegçiligini amala aşyrmak bilen bagly çykdajylaryň öwezini dolmak maksady bilen, eksport-import we üstaşyr ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda, logistika, tarif, tehniki we beýleki meseleleri çözmekde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan ýeňilliklerden peýdalanmak, önümçilik, daýhan we beýleki hojalyklary saklamak;

•    Fiziki we ýuridiki şahslaryň ulag serişdelerini we olaryň tirkeglerini bellige almak, synag barlagyndan geçirmek we güwälendirmek bilen baglanyşykly işleri geçirmek üçin toplanan resminamalara seretmek, seljermek hem-de degişli çözgütleri çykarmak;

•    Her ýylda ygtyýarly kärhanalar, edaralar we guramalar bilen bilelikde üçtaraplaýyn ylalaşmak bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, degişliligi boýunça kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

•    Ýol hereketine gatnaşmaga goýberilen ulag serişdelerini bellige almagyň, synag barlagyndan geçirmegiň we güwälendirmegiň hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda hyzmatlaryň tehniki şertlerini we usulyýetini işläp düzmek;

•    Ulag arkaly ýük daşamagy guramakda we amala aşyrmakda hökmany kadalary işläp düzmek, olaryň berjaý edilişiniň monitoringini amala aşyrmak;

•    Ýol arkaly daşaýyş çygrynda ýörite düzgünleri işläp düzmek we olar amala aşyrylanda howpsuzlyk çärelerini bellemek;

•    Awtoulag serişdesinde ýükleri daşamak boýunça işler baradaky maglumatlary toplamak, jemlemek we seljermek;

•    Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.



×