Ulag dünýäsinde
30 maý 2022

Russiýa bilen Gruziýanyň serhedinde barlag nokadynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar

Russiýa bilen Gruziýanyň serhedinde barlag nokadynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar

Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrligi «Ýokarky Lars» barlag nokadynyň Gruziýa bilen serhetdäki geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barýar diýip, TASS habarlar gullugy habar berýär.

Ýylyň ahyryna çenli bu serhet geçelgesinde ulaglar üçin 24 sany goşmaça ýol açylar. Eýýäm şu ýylyň iýul aýyna çenli 12 sany goşmaça ýol dörediler we ýylyň ahyryna çenli bolsa ýene-de 12 sany goşmaça ýol gurlar.

Bellemeli zatlaryň biri-de, gatnawlaryň ýokary derejede bolan mahalynda «Ýokarky Lars» barlag nokadyndan 1,5 müňe golaý awtoulag geçipdir. Göz öňüne tutulýan bu çäreler barlag nokadynyň geçirijiligini 2300 awtoulaga çenli artdyrar. 

Şeýle hem okaň

×