Habarlar
07 iýun 2022

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

7-nji iýunda Nursultan şäherinde (Gazagystan) «Merkezi Aziýa – Hytaý» döwletleriniň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçen sebitleýin dialogyň çäklerinde Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow bilen Wan Iniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ulgamyny ara alyp maslahatlaşdylar we döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara meselelerine-de degip geçdiler. 

Söhbetdeşler iri halkara guramalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirilýandigini tassykladylar.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça gürrüňdeşligiň dowamynda gaz, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaýyň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary sebitleýin we kontinental derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meseleleri hakynda hem durup geçdiler.

Şeýle hem gepleşikler saglygy goraýyş, bilim we medeniýet pudaklarynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda dowam etdi.

Şeýle hem okaň

×