Ulag dünýäsinde
04 iýun 2022

Russiýa Federasiýasynyň ýük gatnaw pudagynda elektron resminama dolanyşygyna geçmäge gyzyklanma artýar

Russiýa Federasiýasynyň ýük gatnaw pudagynda elektron resminama dolanyşygyna geçmäge gyzyklanma artýar

«Tenzor» kompaniýasynyň taslamasynyň ýolbaşçysy «Logirus» saýtyna beren interwýusynda şu ýylyň martyndan başlap, işewürleriň elektron resminamalaryň ýük gatnaw çygrynda giňeldilmegine bolan gyzyklanmalarynyň has artandygyny belleýär. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda şunuň bilen baglylykda elektron daşalýan resminamalaryň döwlet ulgamy dörediler.

Hünärmenleriň pikiriçe, ýükleriň daşalmagynda elektron resminama dolanyşygyna geçmek ýakyn wagtda däl-de, 2023-nji ýyldan başlap mümkin bolar. Sebäbi bu ugurdaky işleri sanlylaşdyrmak optimizleşdirmäni we takyklamagy, buhgalter hasabatyny täze ulgama laýyklykda üýtgedip gurmagy talap edýär. Şeýle-de elektron resminama dolanyşygyna geçmekde sürüjiler, ýükleýjiler, ýagny adatça sanlylaşdyrmak bilen kän bir baglanyşygy bolmadyk hünärmenleriň işinde hem kynçylyklar bolup biler. Beýle ýagdaýda bolsa hünärmenleriň işinde nähili aýratynlyklary awtomatlaşdyrmak babatda zerur bolan çäreleri aýdyňlaşdyryp, gerek bolan halatynda işgärleriň programmalar bilen işlemegi hem-de ulaglaryň elektron resminamalaryny doldurmagy üçin okuwlary geçirmeli bolar. Bu ýörelgeler bolsa serişdeleri hem-de wagty talap edýär.

Elektron resminama dolanyşygyna geçmek bilen baglanyşykly beýleki kynçylyklaryň hatarynda, hünärmenler näsazlyk ýüze çykan halatynda ulagy üýtgetmegiň we elektronik belliklerdäki maglumatlary sazlamagyň zerurdygyny belleýärler. Ulaglary üýtgetmek babatda başga bir elektron resminama dolanyşygynyň operatory bilen işleşip bilýän ýük daşaýan kompaniýanyň çalşylmagy gerek bolar. Şeýle hem, ulag hadysasynyň ýüze çykan ýagdaýynda ýolda internet birikmesiniň bolmazlyk mümkinçiligini hemişe ýatda saklamalydyr.

Ýene bir mesele — elektron resminama dolanyşygynda we kagyz ýüzünde bölekleýin resmileşdirilen ýygnama ýükleri, şeýle hem serhetden geçmekde ýüze çykyp bilýän kyn ýagdaýlar.

Logistikada elektron resminama dolanyşygyna geçmekdäki harajatlar harytlaryň bahasynyň gymmatlamagyna getirip biler. Bu ýagdaýda döwlet çykdajylary azaltmak üçin kärhanalara islendik artykmaçlyklary ýa-da amatly teklipleri berip, elektron resminama dolanyşygyna geçmekdäki kynçylyklary ýeňilleşdirmäge ýardam edip biler.


Şeýle hem okaň

×