Habarlar
17 iýun 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Garabogaz köl aýlagynyň üstünden köpri gurmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Garabogaz köl aýlagynyň üstünden köpri gurmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 16-njy iýunda gol çeken Karary bilen, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we awtomobil köprüsini hem-de onuň eltiji ýollaryny 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Şeýle hem okaň

×