Abu-Dabide Türkmenistan — BAE işewürlik maslahaty geçirildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-11-23

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistan — BAE işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa bu döwletde saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Işewürlik maslahatynyň geçýän ýerinde sergi ekspozisiýasy ýaýbaňlandyrylyp, onda «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly dokma, haly, gurluşyk, elektronika, konditer önümleri we beýleki harytlar görkezildi.

Bu ýerde Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. Çykyşlar tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýeri gelende bellesek, şu günki Türkmenistan — BAE işewürlik maslahatyna türkmen tarapyndan düzüminde 30-dan gowrak adam bolan işewür wekiliýet gatnaşýar. Şolaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, hususy telekeçiler bar.

Soňky Täzelikler