Alýat portunda Türkmenistandan baran ýükler üçin ýer bölünip berildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-11-26

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew«Ählumumy merkezi geçelge: howpsuzlyk we ykdysadyýet» atly halkara maslahatdaky çykyşynda Alýat deňiz portunda Türkmenistandan we onuň deňiz portundan iberilýän ýükler üçin aýratyn ýer bölünip berlendigini aýtdy.

Prezidentiň çykyşyny «Azertaj» habarlar gullugy öz habarynda getirýär.

— Meniň pikirimçe, häzirki hereket edýän uglewodorod ulag-aragatnaşyk ýollary Hazar sebitiniň ähli ýurtlaryny jebisleşdirer. Bu babatda biziň Türkmenistan bilen ýola goýan hyzmatdaşlygymyzyň uzyn taryhy bar. Häzirki wagtda Azerbaýjan Türkmenistandan harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Alýat deňiz portunda Türkmenistandan we onuň deňiz porty arkaly iberilýän harytlar üçin aýratyn ýer bölüp berdik ― diýip, Prezident Ilham Aliýew öz çykyşynda aýtdy.

Neşiriň ýazyşy ýaly, uglewodorod ulag ýollary Hazar sebitiniň ähli ýurtlarynyň has-da ýakynlaşmagyna we strategik hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer. 

Hazar deňziniň Azerbaýjan portunda deňizýaka ýurtlaryň ählisi üçin aýratyn bölümleri döretmek meýilleşdirilýär. Ol bölümlerde ýurtlaryň öz harytlaryny saklamagy we üstaşyr eksport etmegi üçin mümkinçilikler dörediler.

Soňky Täzelikler