Türkmenistanyň ýolagçy awtoulaglarynyň parky Koreýa Respublikasyndan getiriljek täze ulaglar bilen ýetiriler

hope-Blog
Täzelikler - 2022-11-30

Türkmenistan häzirki wagta çenli Koreýa Respublikasyndan ýeňil awtoulaglaryň we ýolagçy awtobuslarynyň 2 müňe golaýyny satyn aldy. Bu iş geljekde-de dowam etdiriler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda koreý awtomobil tehnikasynyň we enjamlarynyň satyn alynýan möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy.

— Awtoulag ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzire çenli Koreýa Respublikasyndan Türkmenistana 2 müňe golaý ýeňil awtoulag we ýolagçy awtobuslary iberildi — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. 

Aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda bu mesele ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň ýakyn geljekde koreý awtoulaglarynyň ýene-de uly tapgyryny satyn almagyna garaşylýar.

Soňky Täzelikler