Türkmenbaşy ― Baku aralygynda ýene bir gäminiň gatnawy ýola goýlar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-02

«Azerbaýjan Hazar deňiz gämiçiligi» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Ro-Ro derejeli «Kompozitor Fikret Amirow» gämisini düýpli abatlady.

Işiň çäginde gäminiň suwasty we ýerüsti bölekleri arassalandy we boýaldy, tutawaçlarda, balast we ýük bölümlerinde we beýleki ýerlerde poslan metal listler çalşyldy.

Esasy we kömekçi hereketlendirijiler, sowadyş ulgamy we beýleki ulgamlar hem düýpli abatlandy.

Mundan başga-da, ekipaž üçin ýaşaýyş we hyzmat otaglary täzelendi.

«Kompozitor Fikret Amirow» gämisiniň düýpli abatlanyşdan soňky ilkinji ugrunyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolmagyna garaşylýar.

Türkmenbaşy we Baku deňiz portlarynyň ýolagçy hem-de ýük gämileriniň gatnawlary arkaly birleşdirilýändigini ýatladýarys. Türkmenbaşy we Alýat portlarynda bolsa bir-birekden gelen ýükler üçin aýratyn ýer bölünip berildi.

Soňky Täzelikler