«Demirgazyk-Günorta» geçelgesindäki otlularyň aýlyk sany 17-ä çykarylar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-04

Şu ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň «RŽD Logistika» ulag kompaniýasy «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Türkmenistanyň üsti bilen ilkinji yzygiderli konteýner otlusyny işe girizdi.

Häzirki wagtda otly bu ugur boýunça aýda bir gezek geçýär, ýöne kompaniýa «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesinden geçýän yzygiderli konteýner otlularynyň sanyny aýda 17 otla çenli köpeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Elizarowyň sözlerine salgylanyp, «TASS» habar berdi.

Çehowdan (Russiýa Federasiýasy) ugran ilkinji konteýner otlusy Gazagystanyň çäginden geçip, Türkmenistandaky Sarahs stansiýasyna geldi. Bu ýerde konteýnerler 1520 mm ölçegden 1435 mm ölçeýjä çenli ýüklendi we soňra Eýranyň çägi bilen «Bandar Abbas» portuna iberildi. Ondan aňry bolsa bellenilen ýere deňiz arkaly barmaly bolar.

— Bu — geljegi uly ugur, ol has arzan hem-de çalt. 31 konteýnerli ilkinji otlyny biz «RŽD» paýdarlar jemgyýetiniň we «RŽD Logistika» kompaniýasynyň işgärleri bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Eýran bilen serhetdäki Sarahsda dabaraly ýagdaýda garşyladyk. Aýda, takmynan, 17 otly ugratmak barada wezipe öňde goýuldy we ol ýerine ýetiriler. Dekabr aýynda biz ýene bir otla garaşýarys. Emma indiki ýyldan başlap, aýda 17 otlynyň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge başlarys — diýip, Aleksandr Elizarow belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, rus ýük ugradyjylary eýýäm Türkmenistanyň üsti bilen köp mukdarda ýük daşamak boýunça ýüztutma ugradypdyrlar.

«Orta möhlet bilen, biz ony (ýüküň möçberini - red.) 5 million tonna, uzak möhletde bolsa, rus we türkmen hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 25 million tonna çenli ýetirmegi meýilleşdirýäris. Türkmenistanyň üstaşyr potensialy iňňän uly» diýip, söwda wekili nygtaýar.

Soňky Täzelikler