Azerbaýjanyň ýük gämisi doly abatlanyp Türkmenistana tarap gatnawa ugrady

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-08

Azerbaýjan Respublikasynyň deňiz ulaglary flotuna degişli bolan «Huseýn Jawid» ýük gämisi düýpli abatlanylyp, Türkmenistana tarap gatnawa ugradyldy. Bejeriş işleri tamamlanandan soň, gämi degişli barlaglardan üstünlikli geçdi we işe girizildi.

Bellenilişi ýaly, ýük  gämisiniň uzynlygy 108,33 metr, ini bolsa 16,74 metre barabardyr. Onuň göterijilik ukyby hem 5200 tonna deňdir. Gäminiň hereketlendirijilerini, mehanizmlerini abatlamak işleri «Zyh» gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirildi. Bu habar ASCO-nyň metbugat gullugy tarapyndan ýetirilýär.

Abatlaýyş işleriniň hatarynda ýük gämisinde gurnama, radionawigasiýa we kebşirlemek işleri geçirildi. Gäminiň suwasty we ýerüsti bölekleri abraziw gum bilen doly arassalandy hem-de boýaldy, şeýle hem ýaşaýyş we hyzmat ediş otaglary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan işlenildi.

Soňky Täzelikler