Astrahandaky erkin ykdysady zolakda Türkmenistanyň logistika merkezi döredilýär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-16

Astrahan sebitindäki kenarýaka erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler. Bu merkez ýakyn iki ýylyň dowamynda doly işe girer diýip, «Interfaks» ýazýar. Çeşme bu babatda Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolynskiýniň sözlerine salgylanýar.

Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri degişli taslamany durmuşa geçirmek barada Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ylalaşyk gazanylandygyny belläp, logistika merkezini döretmek boýunça iş meýilnamasynyň taýýarlanyp, soň onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine ugradyljakdygyny mälim etdi.

«Geografiki taýdan bu merkez sebitiň kenarýaka erkin ykdysady zolagynda, ýagny Olýa portunda ýerleşer. Logistika merkezlerini we ammarlary gurmak üçin ýörite ýer bölünip berler hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Astrahan sebitinden bir kompaniýa saýlanyp alnar» diýip, çeşme Wolynskiýniň sözlerini getirýär.


Soňky Täzelikler