Benzin ýangyjy arzan ýurtlaryň sanawynda Türkmenistan öňdäki orunlarda durýar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-10

Şu ýylyň 5-nji dekabrynyň ýagdaýyna görä, Türkmenistan dünýäde 95 oktan belgili benziniň bahasynyň arzanlygy ýurtlarynyň sanawynda ýedinji orunda diýlip görkezilýär. «Global Petrol Prices» analitik neşiriniň maglumatlarynda bu statistik sanawda ýurtda benziniň bahasynyň 0,433 ABŞ dollaryna barabardygy beýan edilýär.

Degişli sanawy hasaba almanyňda, häzirki wagtda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda benziniň bahasy iň arzan ýurt bolup durýar. Deňeşdirme hökmünde sebitde benziniň iň gymmat ýeri bolan Gonkongy mysal alanyňda, bu ýerde benziniň bir litriniň bahasynyň 2,969 ABŞ dollaryna deňdigini görmek bolýar. Dünýä derejesinde bolsa, Merkezi Afrika Respublikasynda benziniň litri 2,405 ABŞ dollaryna, Islandiýada bolsa 2,252 ABŞ dollaryna durýar.

Dünýä ýurtlarynda benzin ýangyjynyň iň arzan ýeri Wenesueladyr. Bu ýerde benzin 0,016 ABŞ dollaryndan satylýar. Benzin ýangyjynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji üçlügine Liwiýa ($ 0,031) we Eýran Yslam Respublikasy (0,053 $) girýär. 

Ýer ýüzünde benzin ýangyjynyň bir litriniň ortaça bahasynyň 1,30 ABŞ dollaryna deňdigini aýtmak gerek.

Soňky Täzelikler