TNGIZT-de täze görnüşli benzin öndürilýär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-11

Türkmenistanda benziniň AI-98 görnüşi öndürilip başlandy. Bu önümçilik Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýola goýuldy.

Täze görnüşli benzin pes oktanly benzinden onuň hilini gowulandyryjy madda we düzümini üýtgediji madda goşulyp taýýarlanylýar. Şu belgili benzin kameradaky basyşy artdymagyň hasabyna aňryçäk güýjüni görkezmäge ukyply hereketlendirijilere niýetlenen ýokary oktanly gowy ýangyçdyr.

AI-98 benzini esasan 12-den 14-e çenli ýokary gysyşly awtomobil motorlarynda ulanylýar. Ýokary antidetonasinon häsiýetleri (oktan sypatlary) netijesinde benzin hereketlendirijiniň kuwwatyny ýokarlandyrýar we maşynyň işleýiş sesini peselidip, tizlik alşyny gowulandyrýar, ýangyjyň harç edilişini ep-esli azaldýar.

Geljekde AI-98 awtomobil benzinini daşary ýurtlara eksport etmek meýilleşdirilýär.

Soňky Täzelikler