Türkmenistan we Gyrgyzystan täze logistika zynjyrlaryny dörederler

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-13

«Trend» habarlar agentligi «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýewiň ýakynda Gyrgyzystanyň ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew bilen gepleşikleri geçirendigini habar berdi. 

Üstaşyr ýük we ulag geçelgeleriniň işini mundan beýläk hem ösdürmek, täze logistika zynjyrlaryny döretmek ýaly meseleler geçirilen gepleşikleriň özenini düzdi.

Çeşme ýakyn geljekde Gyrgyzystanyň ýükleriniň Türkmenistan ― Özbegistan serhedine getirilip, bu ýerden hem Türkmenbaşy halkara deňiz portuna äkidiljekdigi barada ýazýar. Şeýlelikde, Türkmenistan Gyrgyzystandan gelýän ýükleriň Eýrana, Türkiýä we Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere eksport edilmegine araçy bolar.

Soňky Täzelikler