Türkmenistan Azerbaýjan we Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam goýýar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-13

Türkmenistan Azerbaýjan we Türkiýe Respublikalary bilen ulag, energetika we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklary täze tapgyra çykaryp, has ösdürer. Bu barada üç döwletiň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren gepleşiklerinde aýdyldy.

Ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň gerimli meseleleri duşuşygyň gün tertibini düzdi.

Üç ýurduň degişli guramalarynyň demirýol arkaly gatnawlaryny ösdürmek boýunça degişli çäreleri kabul etmäge hem-de bäsleşige ukyply nyrhlary döretmek boýunça ylalaşygyň taslamasyny we demirýol ulagy arkaly gatnawlar amala aşyrylanda şertleri işläp taýýarlamaga degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, dogan ýurtlar ulag ulgamynda ägirt uly kuwwata eýedirler we şol mümkinçiligi durnukly ykdysady ösüşi saklamak, üç halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak we halkara söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen has doly derejede ulanmak arkaly özara habar berip durmuşa geçirmegi maksat edinýärler.

Soňky Täzelikler