Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda täze resminamalara gol çekildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-14

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçirilen sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama we resminamalaryň bäşisine gol çekildi. 

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; 2023-2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama; Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Bilelikdäki Beýannamada bolsa gepleşikleriň ýokary derejede geçirilendigi nygtalyp, döwletleriň köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürjekdigine ynam bildirilýär.

Soňky Täzelikler