Aşgabatda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-08

2022-nji ýylyň 6-7-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy — 2022» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy maslahat geçirildi.

Bu forum 2022-nji ýylda ýurtda ilkinji gezek bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan halkara sergä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly hem-de ýerli işewürler, şeýle-de köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar.

Sergide Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika ulgamlarynda ýeten derejesi, bu ugurlarda gazanylanlar we mümkinçilikler giňden açylyp görkezildi. Sergidäki pawilýonlarda ýurduň köp sanly önüm öndürijileri we gurluşyk, senagat kärhanalary, şol sanda hususyýetçiler öz alyp barýan işleri, halkara standartlaryna laýyk gelýän hem-de daşarky bazarlarda-da uly isleglere eýe bolan önümleriniň görnüşleri bilen sergä gatnaşyjylary tanyş etdiler.

Soňky Täzelikler