Türkmenistanda ilatyň we jaý goruny uçdantutma ýazuwyna girişildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-19

17-nji dekabrda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäre «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek!» şygary ýörelge edinýär.

Sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bu çäräniň esasy aýratynlygydyr. Ilat ýazuwynyň geçirilýän döwründe maglumatlary ýygnamak, işlemek hem-de ýaýratmak işlerinde häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi peýdalanylýar. Sanly tehnologiýalar has anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berýär, şeýle hem ilat ýazuwynyň deslapky hem-de gutarnykly netijelerini metbugatda öz wagtynda we doly çap etmäge ýardam berýär.

Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýar.

Bu möhüm ählihalk çäresiniň esasy wezipesi ýurduň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr, şeýle maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilatyň sanynyň bölünişi hem-de häsiýetnamalary baradaky maglumatlar döwletiň mundan beýläk-de ösmegi, abadançylygy we halkyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. TDH-nyň beýan edişi ýaly, şu ýylyň aprel aýynda Aşgabada gelen BMG-niň Bilermenler toparynyň Türkmenistanyň «Ilat ýazuwy — 2022-ä» görýän taýýarlygyna ýokary baha berip, ýurduň bu çäräni halkara kadalara doly laýyklykda geçirmäge ygrarlydygyny nygtandyklaryny bellemek gerek.

Birleşen Milletler Guramasy ilat ýazuwyny her on ýylda azyndan bir gezek geçirmegi maslahat berýär. Çünki munuň özi jemgyýetiň düzüminde bolup geçýän üýtgeşmeler barada maglumatlary almak üçin zerurdyr.

Soňky Täzelikler