Türkmenistanda täze mobil hyzmatlary hödürlener

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-21

«Altyn asyr» ÝGPJ häzirki wagtda Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, ilata döwrebap, kämil hyzmatlary hödürlemegiň we täze taslamalaryň üstünde işleýär. 

Eýýäm bu babatda dünýäniň iň uly şereketleri bilen öýjükli aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we täze hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça şertnamalar baglaşyldy.

Enjamlar ýurduň çägine getirildi, iň täze dünýä ülňülerine laýyklykda öndürilen enjamlary oturtmak we işe girizmek hünärmenler tarapyndan tutuş ýurt boýunça amala aşyrylýar.

Bu işleriň durmuşa geçirilmegi bilen «Altyn asyr» ÝGPJ öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumat binýady doly kämilleşdiriler.

Bu kompaniýa Türkmenistanda 2004-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Ol ýurduň ähli çäklerinden 4 müňden gowrak bekedi arkaly hyzmat berýär.

Soňky Täzelikler