Arkadag şäheri Türkmenistanda elektrikli jemgyýetçilik ulaglaryny ulanjak ilkinji şäher bolar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-22
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew 21-nji dekabrda geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Arkadag şäherinde täze ulanylyp başlanjak jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylardan gelýän buýurmalar we tölegler, awtoulaglarda ornaşdyrylan döwrebap enjamlar arkaly sanly ulgamyň üsti bilen kabul ediler. Ulaglaryň ýol hatlary hem sanly ulgam arkaly ulanylar, awtoulaglaryň hereketlerine sanly ulgam arkaly gözegçilik ediler. Mundan başga-da, ulanyljak elektrobuslarda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, şol ulaglaryň ugurlarynyň ýol çyzgylary, ugurlarynyň ady we belgisi, olaryň duralga gelmeli wagty baradaky maglumatlary öz içine alýan ýörite ykjam mobil programma üpjünçiligini döretmek meýilleşdirilýär.

«Türkmenistan» gazeti Arkadag şäherinde «Ýutong» kysymly elektrobuslaryň we «Jac E-J7» kysymly ýeňil elektromobilleriň hyzmatyndan peýdalanyljakdygyny habar berdi.

Soňky Täzelikler